tmcell loader

Türkmentel – 2019

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2019» atly XII halkara sergisi we ylmy maslahaty

Ýurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda ýetilen üstünliklerini görkezmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2019-nji ýylyň 27-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär.

“Türkmentel - 2019” – sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär. Eksponentler, özleriniň iň ýokary üstünliklerini görkezmek bilen, telekommunikasiýa sektoryna biznes ýoretmekde täze mümkinçilikleri we işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýup, gelejekdäki şertnamalarda we taslamalarda dürmuşa geçiriler.

Biz Sizi hem, Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel - 2019” atly XII halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň hatarynda hoş gördük.

«Türkmentel-2019» sergisi we ylmy maslahaty boýunça guramaçylyk komieti ähli soraglar boýunça goldaw bermäge taýýar. Sergi we ylmy maslahat barada soraglar boýunça aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.


Telefon: (+99312) 449000, 449099, 449191, 449393

E-mail: techdep@telecom.tm mincom@telecom.tm

Web site: www.mincom.gov.tm

Maglumat çeşmesi: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi

Was this information helpful to you?

Comments

    Write a comment

    Beýleki täzelikler

    blog.6.image

    Oraza

    Mukaddes Oraza aýy mynasybetli 2020-njy ýylyň 24-nji apreldan 23-nji maý aralygynda "Oraza" hyzmatynyň girizilýändigi barada, Size habar berýäris.

    Giňişleýin
    blog.7.image

    «Sanly çözgüt – 2020»

    «Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

    Giňişleýin
    Icon