tmcell loader
Image

Rouming

Haçanda siz Türkmenistanyň çäginden daşarda syýahatda ýa-da işewürlik saparynda bolanyňyzda Rouming hyzmaty Size aragatnaşykda bolup, telefon belgiňizi çalyşmazlyga mümkinçilik berer.

Rouming ýurtlary

Rouming aragatnaşyk

Daşary ýurda gitmezden öň siziň gitmekçi bolýan ýurduňyzy Rouming ýurtlarynyň sanawyndan tapyň. TMCELL müşderilerine rouming hyzmatlaryny hödürleýän ýerli aragatnaşyk operatorlary barada biliň.

Hasabyňyzy doldurmagy ýadyňyzdan çykarmaň! Rouming hyzmaty hasabyňyz 70 manatdan pes bolan ýagdaýynda awtomatiki usulda öçürilýändir.

Hyzmatyň birikdirilmegi üçin siziň hasabyňyzda 525 manatdan az bolmadyk möçber bolmalydyr, ol tutum hökmünde alynman Siziň gepleşikleriňize sarp ediler.

Rouming hyzmatynyň işlemegi üçin «10-lyk Halkara jaňlar» hyzmatyna birikdirilmelisiňiz.

Rouming hyzmatynyň birikdirilmesi mugtdyr, emma ýerli aragatnaşyk operatorlary jaňlar üçin siziň nyrhnamaňyza goşmaça töleg alyp bilerler.

Birikmek:

  • USSD hyzmatyň üsti bilen birikdirmek *0809*1*3*1#

Öçürmek:

  • USSD hyzmatyň üsti bilen öçürmek *0809*1*3*0#

Bellik: Rouming hyzmaty birikdirilen wagtynda şol hyzmatdan peýdalanýan müşderiniň öýjükli telefonynda "öz özünden täzelenmek" (авто обновление)diýen funksiýa işläp başlaýar, şol sebäpden müşderiniň öz şahsy ullanan internet hyzmatyndan daşary goşmaça töleg alynýar. Rouming hyzmatyny birikdirmäge gelýän müşderilere käbir ýurtlarda GPRS rouming hyzmaty awtomatlaşdyrylan ýagdaýda işleýänligi üçin müşderä zerur bolmadyk halatynda öz öýjükli telefonundan GPRS hyzmatyny öçürmekligi maslahat berýäris.

Icon