Tapawutlan!

Hyzmat: Zok (gudok) ýerine saz

Bu hyzmatyň kömegi bilen standart garaşmak signalynyň ýerine Siz özüňize ýaraýan sazy belläp bilersiňiz. Şonda Size jaň edýänleriň ählisi zok (gudok) ýerine Siz trubkany galdyrýançaňyz ol sazy eşiderler.

Bahasy: her bir sazy birikdirmegiň bahasy 1,5 manat. Birikdirme 30 günüň dowamynda hereket edýär. Şondan soň eger-de Siziň hasabyňyzda ýeterlik möçberde serişde bar bolsa, hyzmat awtomatiki ýagdaýda ýene-de 30 güne uzaldylýar, onuň bahasy bolsa hasaplanyp aýrylýar, Size bolsa hyzmatyň uzaldylandygy barada SMS geler.

Nähili birikdirmeli: öz telefonyňyzdan 1010 belgä jaň ediň (jaň mugt), ses menýusyndan dil saýlaň, soňra bolsa islenilýän sazy saýlaň.

Nähili öçürmeli: öz telefonyňyzdan 1010 belgä jaň ediň (jaň mugt), ses menýusyndan dil saýlaň, soňra bolsa öçürmekligi saýlaň.

boş

Ähli hyzmatlar