Älem boýunça syýahat et!

Hyzmat: Rouming

Haçanda siz Türkmenistanyň çäginden daşarda syýahatda ýa-da işewürlik saparynda bolanyňyzda Rouming hyzmaty Size aragatnaşykda bolup, telefon belgiňizi çalyşmazlyga mümkinçilik berer.

Daşary ýurda gitmezden öň siziň gitmekçi bolýan ýurduňyzy Rouming ýurtlarynyň sanawyndan tapyň. TMCELL müşderilerine rouming hyzmatlaryny hödürleýän ýerli aragatnaşyk operatorlary barada biliň.

Hasabyňyzy doldurmagy ýadyňyzdan çykarmaň! Rouming hyzmaty hasabyňyz 70 manatdan pes bolan ýagdaýynda awtomatiki usulda öçürilýändir.

Hyzmatyň birikdirilmegi üçin siziň hasabyňyzda 525 manatdan az bolmadyk möçber bolmalydyr, ol tutum hökmünde alynman Siziň gepleşikleriňize sarp ediler.

Rouming hyzmatynyň işlemegi üçin «Halkara elýeterlilik» hyzmatyna birikdirilmelisiňiz.

Rouming hyzmatynyň özi mugtdyr, emma ýerli aragatnaşyk operatorlary jaňlar üçin siziň nyrhnamaňyza goşmaça töleg alyp bilerler.

boş

USSD hyzmatyň üsti bilen birikdirmek *0809*1*3*1#

USSD hyzmatyň üsti bilen öçürmek *0809*1*3*0#

Ähli hyzmatlar