Aragatnaşykda boluň!

Hyzmat: Size jaň edildi

Hatda Siz ulgamyň hyzmat ediş çäginden daşda bolsaňyz hem, ýa-da telefon öçürilen bolsa hem, Siz telefony birikdiren ýa-da hyzmat ediş çägine dolanan pursatyňyz, Size jaň edilen belgileriň sanawyny özünde saklaýan SMS geler. Ähli şol belgilere hem Siziň ulgamdalygyňyz hakynda habarnamaly SMS barar. Siz şu hyzmatlary dolandyryp bilersiňiz:

  • Jaň edýänleriň Siziň ulgamdalygyňyzy bilmegini islemeseňiz, 0880 belgisine A0 tekstli (A latyn harply we nol sifrli)  SMS ugradyň.
  • Eger jaň edýänler siziň ulgamdalygyňyz hakynda hemişe habarnama almagyny isleseňiz,  0880 belgisine A1 tekstli (A latyn harply we bir sifrli)  SMS ugradyň.
  • Eger Siz jaň eden adamyňyzyň jaň edenligiňiz hakynda bilmegini islemeseňiz, 0880 belgisine C0 tekstli (C latyn harply we nol sifrli)  SMS ugradyň.
  • Eger Siz beýleki müşderileriň ulgamyň çäginden daşda bolan wagtynda  Siziň jaň edenligiňizi hemişe bilmegini isleseňiz, 0880 belgisine C1 tekstli (C latyn harply we bir sifrli)  SMS ugradyň.
  • Siz şeýle hem SMS-awtomat jogap berijini birikdirip bilersiňiz.  TEXT sözüni (latyn harplary bilen) we probel arkaly - ulgamda däl wagtyňyz jaň üçin Siziň habaryňyzyň tekstini  görkeziň.  Meselem, şeýle: "TEXT Bagyşlaň, şu wagt men Size jogap berip bilemok ". Şonda ulgamda däl wagtyňyz  Siz bilen jaňlaşmaga synanyşýanlaryň ählisi Siziň habarnamaňyzy awtomatik alarlar.
  • SMS - awtomat jogap berijini aýyrmak üçin, TEXT sözi bilen (latyn harplary bilen) 0880 belgisine SMS ugradyň.

Hyzmatymyz mugt.

Birikmegiň usuly: hyzmatymyza birikmek gerek däl, TMCELL abonentleriň hemmesine awtomatik usulda birikdirilen.

boş

Ähli hyzmatlar