Öz aragatnaşygyňy dolandyr!

Hyzmat: PIN kody dikeltmek

Duýduryş: PIN-kod bilen seresap boluň! Özüňiziň SIM-kartaňyzyň PIN-kodynyň saklanmagyna ünsli garaň!  Özüňiziň SIM-kartaňyzyň PIN-kodyny ýitirmäň. Sebäbi eger-de Siz PIN-kodyny üç gezek ýalňyş girizseňiz, onda SIM-karta öçüriler we Siz TMCELL aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklygy dowam etdirip bilmersiňiz.  Şunuň bilen birlikde eger-de Siziň nyrh meýilnamaňyz müşderi tölegini göz öňünde tutýan bolsa, onda ol hasaplanylmagyny dowam etdirer.  PIN-kodunyň  kesekilere mälim bolmagyna ýol bermäň! Eger-de şeýle bolan ýagdaýynda Siziň şahsy hasabyňyzy we TMCELL öýjükli  aragatnaşygyzy islendik adam peýdalanyp biler.

Eger-de Siziň  SIM-kartaňyzyň PIN-kodynyň ýalňyş girizilmegi sebäpli öçürilen ýagdaýynda, Size  ýene-de  TMCELL aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin ony dikeltmek zerurdyr, munuň  üçin TMCELL müşderi bölümine ýüz tutuň

Hyzmatdan peýdalanmagyň usuly: TMCELL müşderileriniň iň ýakyn hyzmat ediş ofisine baryň. Pasportyňyzy almagy unutmaň.

Ähli hyzmatlar