Öz aragatnaşygyňy dolandyr!

Hyzmat: Wagtlaýyn öçürmek

Siz özüňiziň TMCELL SIM kartaňyzy islendik möhlete öçürip bilersiňiz. Ony açmak üçin "Wagtlaýyn öçürmekligi aýyrmak" hyzmatyndan peýdalanmalydyr.

Eger-de hereket edýän nyrh meýilnamasy müşderi tölegini göz öňünde tutýan bolsa, onda ol öçürilen wagty üçin hasaplanmaýar, öçürmeklik ýatyrylandan soň müşderi töleginiň hasaplanmagy dikeldilýär.

Hyzmatymyz mugt.

Hyzmatdan peýdalanmagyň usuly: TMCELL müşderileriniň iň ýakyn hyzmat ediş ofisine baryň. Pasportyňyzy almagy unutmaň.

Ähli hyzmatlar