Öz aragatnaşygyňy dolandyr!

Hyzmat: Maslahat aragatnaşyk

Eger-de Size birnäçe adamlar bilen gyssagly meseläni maslahatlaşmak zerur bolsa, olar bolsa dürli-dürli başga ýerlerde bolsalar, onda Maslahat aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalanyň. Bu hyzmat umumy gürrüňdeşlige 6 adama çenli birikdirýär, şunda olaryň her biri, biri-birini eşidýär we olaryň hemmesi şol bir wagtyň özünde gürleşip bilýärler.  Maslahaty başlamak üçin birinji gatnaşyja jaň ediň we ol trubkany galdyrýança garaşyň. Gürrüňdeşligi kesmezden öz telefonyňyzda “Çagyryş goşmaly” düwmesini  basyň we ikinji gatnaşyja jaň ediň. Birinji jaň saklama goýlar. Ondan soň “Çagyryşlary birikdirmeli” düwmesini basyň. Şunuň ýaly görnüşde özüňizden başga 5 adamy maslahata çagyryň.

“Maslahat aragatnaşyk” hyzmatynyň işlemegi üçin Sizde “Çagyryşa garaşmak we Çagyryşy saklamak”   hyzmaty birikdirilen bolmaly.

Birikmegiň usuly: Şahsy otaga giriň ýa-da TMCELL müşderilerine hyzmat edýän ýakyndaky ofise baryň.

USSD hyzmatyň üsti bilen birikdirmek *0809*2*7*1#

USSD hyzmatyň üsti bilen öçürmek *0809*2*7*0#

Ähli hyzmatlar