Öz aragatnaşygyňy dolandyr!

Hyzmat: Şertnamany gaýtadan resmileşdirmek

Siz hyzmat etmek boýunça şertnamaňyzy islendik wagtda başga birine gaýtadan resmileşdirip bilersiňiz. Şunda aşakdakylar üýtgewsizligine galýar: SIM-karta, nyrh meýilnamasy, birikdirilen hyzmatlar we şahsy hasap. TMCELL öýjükli aragatnaşygyny ulanmaklygyň ähli mümkinçilikleri täze eýesine geçýär. Siz şondan soň onuň TMCELL şahsy hasabyndan peýdalanyp bilmersiňiz.

Şertnamany gaýtadan resmileşdirmek üçin golaýdaky TMCELL müşderilerine hyzmat ediş ofisine, hökman şertnamanyň täze eýesi bilen baryň. Özüňiziň pasportyňyzy we şertnamanyň täze eýesiniň pasportyny almaklygy ýatdan çykarmaň! 

boş

Ähli hyzmatlar