Altyn Asyr kompaniýasynyň taryhy

Translations:

2004

«Аltyn Asyr» kompaniýasy — Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň kärhanasy döredildi. Kompaniýa GSM standartynyň öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň agzasy boldy. Ol ýerde 438 02 indeksli «ТМCELL» öýjükli aragatnaşyk ulgamy hasaba alyndy.

2005, aprel

Aşgabatda öýjükli aragatnaşygyň milli ulgamyna ilkinji 500 müşderi birikdirildi. Sygymlylygy 50000 belgili enjamy Germaniýanyň «Siemens AG» kompaniýasy getirdi.

2010

«Аltyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Türkmenistanda ilkinji bolup UMTS standartynyň 3G ulgamynyň üçünji görnüşini ulanyşa girizdi.

2010, aprel

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşygyny ulanýan müşderileriň sany ýarym milliona ýetdi.

2012

«Аltyn Asyr» Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda halkara roumingiň hyzmatlaryny edýär. Rouming ylalaşyklary iri daşary ýurt operatorlary, şol sanda Wympelkom («Beeline» söwda nyşany: Russiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan, Gazagystan), МTS (Russiýa, Belarus, Ukraina, Ermenistan), T-Mobile (Germaniýa), Vodafone (Katar), MegaCom (Gyrgyzystan) we beýlekilerdir.

2012, oktýabr

«Altyn Asyr» 3 milliondan gowrak adama hyzmat edip başlady.

2012-nji ýylyň 18-nji oktýabry

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 217-nji jaýynda “Altyn Asyr” kompaniýasynyň täze binasy açyldy.
Täze binanyň umumy meýdany 10 müň inedördül metre golaý.

Ol ýerde aşakdakylar ýerleşdirildi:

  • poçta;
  • telegraf;
  • öýjükli, şäher we halkara aragatnaşyk, hyzmatlary şeýle hem internet üçin töleg kassalary;
  • internet-kafe;
  • gije-gündiz işleýän sorag-jogap gullugy;
  • müşderilere hyzmat ediş merkezi.

2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, “Altyn Asyr” döwlet kompaniýasyna Huawei, Nokia, Siemens, Networks kompaniýalary bilen telekommunikasiýa enjamlaryny satyn almak we gurnamak hakyndaky şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi. Şeýle hem, “Wostoçnyý weter” kompaniýasy bilen ACP Easwind hasaplaşyklar ulgamynyň müşderi ygtyýarnamasynyň göwrümini artdyrmak, öýjükli aragatnaşygyň goşmaça hyzmatlaryny ornaşdyrmak üçin tehniki kömegi etmek hakynda şertnamalar baglaşyldy. Bu çäreler TMCELL öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmäge we ilata aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegiň hilini ýokarlandyrmaga uly mümkinçilikleri döretdi.

2012-nji ýylyň 19-njy noýabry

Türkmenistanyň Prezidenti, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk hukuk görnüşini üýtgetmek we kesgitlenilen tertipde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek barada tabşyryk berip, Karara gol çekdi.

2013-nji ýylyň 3-njy ýanwary

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli Paýdarlar jemgyýeti döredildi.
Aragatnaşyk ministrliginde bu jemgyýeti döredijiler bolan Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Maliýe ministrligiň, Ýokary gözegçilik palatasynyň, Merkezi bankyň, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň «Аltyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek we «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli Paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda karar kabul edildi.
Maslahatyň dowamynda bu jemgyýetiň döredilýändigi baradaky şertnama gol çekmek, täze kärhananyň tertipnamasyny we maýalyk goruny tassyklamak, şeýle hem baş direktory, direktorlar maslahatyny we derňew toparyny saýlamak bilen bagly birnäçe meselelere seredildi.