Nädip tölemeli

0808

,

PIN

,

Nädip tölemeli

Translations:

Bank kartynyň üsti bilen töleg geçirilýär

«VISA» we «MILLIKART» atly kartlar bilen töleg geçirip bilersiňiz:

• Karty bankomata salyň;
• PIN-kody aýlaň;
• «Tölegler» hyzmatyny saýlaň;
• «Аltyn Asyr»  ulgamynysaýlaň;
• Telefon belgisini  993 6х хххххх görnüşinde giriziň;
• puluň möçberini ýazyň we tölegi barlap tassyklaň.

2-3 minutdan soň  Size telefon hasabyňyzyň dolandygy barada  SMS habary geler.
* Telefon belgiňizi dogry bellemegiňizi Sizden haýyş edýäris. Belgi ýalňyş bellenen ýagdaýynda Bank puluňyzy yzyna gaýtaryp bilmez.
* Telefon belgiňize pul geçýänça, çeki zyňmaň.

Töleg karty bilen

Özüňiz üçin zerur bolan pul möçberindäki TMCELL hyzmatlaryna töleg kartasyny satyn alyň.
Emaý bilen, karta zyýan ýetirmezlige çalşyp, töleg kartasynyň aşagynda PIN-kod ýazylan gatlagyny bozuň. Muny köpük bilen etmek oňaýlydyr.
Öz TMCELL telefonyňyzda *0808 belgini ýazyň we “Çagyryş” düwmejigini basyň.
Awtomatik jogap berijiniň habaryny diňläň, dili saýlaň – türkmen dili üçin 1 düzmejigi ýa-da rus dili üçin 3 düwmejigi basyň.
Awtomatik jogap berijiniň habaryny diňläň, töleg kartasynyň PIN-kodyny giriziň, ol öçürilýän zolagyň aşagynda ýerleşen. Girizilen PIN-koduň töleg kartasynda ýazylan bilen takyk gabat gelýänligine göz ýetiriň.
# düwmejigi we soňra 1 düwmejigi basyň.

Mundan soňra karta işjeňleşýär, pul möçberi Siziň hasabyňyza geçirilýär, Size serişdeleriň geçirilenligini tassyklaýan SMS geler.

Kassanyň üsti bilen

Ýakynda ýerleşýän TMCELL hyzmat ediş ofisine baryň


Öz ykjam telefonyňyzdan islendik beýleki TMCELL telefonyna pul geçirmek bilen.

Bir-biriňize kömek ediň! "SMS arkaly pul geçirmek" hyzmatyny öz hasabyňyzdan TMCELL-ň başga müşderisine pul geçirmek üçin ulanyň, şonuň bilen birlikde onuň hasabyny dolduryň.