2G GPRS

2G GPRS

Translations:

"On-laýn-da" galyň, ähli zatlardan habarly boluň! Öz telefonyňyzyň kömegi bilen özüňize oňaýly ýerde we wagtda Internetiň üsti bilen aragatnaşygy saklaň. GPRS-ň 3G we LTE täze tilsimatlaryna seredeniňde pesligine garamazdan, ol birnäçe ýyl mundan öň öndürilen telefonlaryň eýeleri üçin ähmiýetini ýitirenok. TMCELL ulgamlaryndaky GPRS maglumatlaryny paketli geçirmegiň tilsimaty çatda oňaýly hat alyşmak, messenjerleriň üsti bilen habarlary alyş-çalyş etmek, elektron poçtalaryny okamak, täzelikler lentalaryna gözegçilik etmek üçin birikdirmegiň ýeterlik derejede ýokary tizligini üpjün edýär.

Internede 2G GPRS ulgam boýunça birikmek üçin TMCELL-iň islendik tarif meýilnamasyndan peýdalanyp bilersiňiz. Siziň «Internete girmek (GPRS)» hyzmatyna öň birikdirilenligiňiz hökmanydyr. Bu hyzmatyň bahasy, adatça, TMCELL-e birikdirileniňizdäki ilkinji tölege girýär.