4G LTE

4G LTE

Translations:

4G LTE diýmek nämäni aňladýar?

4G LTE — diýlip atlandyrylyşynda 4G (iňlisçe fourth generation) dördünji nesliň ulgamydygyny aňladýar. 4G ulgamlaryna maglumat berijileriň giňeldilen mümkinçiliklerine eýe bolan geljegi bar ulgamlar degişlidirler. LTE (iňlisçe longterm evolution) — bu UMTS-iň kämilleşdirilen akyl standartynyň aňlatmasydyr. LTE standarty häzirki günde barbolan iki standartyň biri we geçirijisiz aragatnaşygyň dördünji nesliniň talaplaryna doly jogap berýän hökmünde elektrik aragatnaşygyň Halkara bileleşigi tarapyndan tassyklanyldy.

Şeýlelik bilen, 4G LTE — bu jebis aragatnaşygyň dördünji neslindäki ulgamlaryň maglumatlaryny ňokary tizlikde bermegiň tehnologiýasydyr.

Ilkinji nobatda tizlik!

4G LTE-niň dördünji nesliniň ulgamy jebis gurluşlar bilen deňsiz-taýsyz iň ýokary tizlikde internede girmäge mümkinçilik berer.

4G LTE ulgamy üçin binýatlaýyn stansiýadan jebis terminala maglumatlary geçirmegiň dabaraly ýagdaýda beýan edilişiniň tizligi 100 Mbit/s, şol bir wagtda 3G-niň öňki nesli hökmünde HSDPA protokoly boýunça tizligiň 7.2Mbit/s nazaryýet çägini üpjün edýär.

Bahasy we nyrhy

4G LTE ulgamyndaky trafik bahasy 3G WCDMA ulgamy bilen deňdir.
Nyrhnama meýilnamalary hakynda giňişleýin.

Trafigiň paketleri Internete birikmekde tygşytlamaga1 mümkinçilik berýär.

Gije Internet arzan2.

Maglumyty geçirmegiň giňişleýin nyrhy

4G-niň artykmaçlyklaryndan nähili peýdalanyp bolar?

TMCELL 4G LTE ulgamyna girmek üçin özüňiziň smartfonyňyzyň ýa-da USB modeliňiziň 4G LTE standartyna goldaýandygyna göz ýetiriň, munuň üçin özüňiziň enjamyňyzy ýa-da ony öndürijileriň saýtyny peýdalanmagyň gollanmasyna üns beriň.

Siz özüňiziň TMCELL SIM kartynyň UMTS täze standartyna eýe bolup durýandygyňyzy barlaň. Eger siziň eliňizdäki GSM standartynyň köne SIM karty bolsa, onda TMCELL-iň hyzmat edýän ýakyn jaýyna baryp, ony çalşyň.

4G LTE boýunça Internede giriş TMCELL ähli tarif meýilnamasynda alyp bilersiňiz, onuň üçin "LTE ulgamyna giriş" hyzmatyny birikdiriň.

4G LTE ulgamyna nähili birikmeli?

Häzirki wagtda 4G LTE ulgamy diňe Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde işleýär.

4G LTE ulgamyna birikmek üçin TMCELL-iň ady agzalan şäherlerdäki islendik ofisine ýüz tutup bilersiňiz.

 


1) 4 Gb ýa-da 10 Gb öňünden tölenilen paketleri satyn alnanda, 1Мb Internet-trafigiň nyrhy nyrhnama meýilnamasynyň esasy bahasyndan pes bolar. Hyzmat hakynda giňişleýin.

2) "Gijeki Internet" hyzmatyň çäginde gije sagat 02:00-dan irden sagat 09:00-a çenli Internete girmegiň nyrhy 1 Mb üçin 0,03 manada çenli azaldylýar. Hyzmat hakynda giňişleýin.