TMCell Assist ykjam goşundy

Translations:

Goşundy şu operasion ulgamalry goldaýar. Android, iOS, Windows Phone.

Goşundy şu mümkinçilikleri berýär:

  • Nyrhnama meýilnamalaryny üýtgetmek;
  • Öz hyzmatlarynyň toplumyny üýtgetmek (birikdirmek, aýyrmak);
  • Tölegleriň taryhyny görmek;
  • Beýleki müşderiniň hasabyna pul serişdelerini geçirmek;
  • SMS habaryny ugratmak;
  • SMS merkezinde öz Profiliňi dolandyrmak;
  • TMСell-iň ýakyndaky ofisini tapmak;
  • Kompaniýanyň iň soňky täzeliklerini görmek.

 

Goşundydaky awtorizasiýa:

Goşundydaky awtorlaşdyrmak üçin parol gerek. Ony Siz 0831 belgä boş SMS habaryny ugratmak bilen alyp bilersiňiz. Jogap hökmünde Size goşunda girmek üçin şahsy parol görkezilen SMS habary geler.

 

Goşundyny gurnamak:

Android operasion ulgamynda işleýän gurluşlar üçin:

  • Ykjam gurluşda Play Market goşundysyny açyň ýa-da ykjam gurluşyň brauzerinde: http://play.google.com sahypasyna geçiň.
  • Açylan penjirede goşundyny gözlemegiň setirine TMСell Assist ýazgysyny ýazyň we goşundyny gözlediň. Gözlegiň netijesinde iki goşundy çykar: TMСell Assist we TMСell Assist Widget.
  • Gerek goşundyny saýlaň. Ýüklenenden soň ol awtomatik usulda gurnalar.
  • Eger ykjam terminalda TMСell Assist Widget goşundysy gurnalan bolsa, ony ykjam gurluşyň ekranynda ýerleşdirmek zerur. Onuň üçin gurluşyň ekranyna dowamly basyň (long tap) we dörän sanawda “Widžetler” bendini saýlaň. Soňra widžetler sanawynda TMСell Assist Widget goşundysy saýlaň. Widžet paneli ykjam gurluşyň ekranynda şekillendiriler.

 

iOS operasion ulgamynda işleýän gurluşlar üçin:

  • Ykjam gurluşda AppStore goşundysyny açyň.
  • Açylan penjirede goşundyny gözlemegiň setirinde TMСell Assist ýazgysyny ýazyň we goşundyny gözlediň. Gözlemegiň netijesinde TMСell Assist goşundysy çykar.
  • Tapylan goşundyny saýlaň. Ýüklenenden soň ol awtomatik usulda gurnalar.

 

Windows Phone operasion ulgamynda işleýän gurluşlar üçin:

  • Ykjam gurluşda Windows Phone goşundylar dükanyny açyň.
  • Açylan penjirede goşundyny gözlemegiň setirinde TMСell Assist ýazgysyny ýazyň we goşundyny gözlediň. Gözlegiý netijelerinde TMСell Assist goşundysy çykar.
  • «Gurnamak» düwmesini basyň we «Rugsat etmek» düwmesiniň kömegi bilen onuň ýerleşýän ýerine girmäge rugsady tassyklaň. Goşundy gurnalar.