4G LTE ulgamy arzanlady!

27.11.2013

Translations:

Hormatly müşderiler! “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň dördünji nesli bolan ýokary tizlikli 4G LTE internet ulgamy 2013-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda ulanylyşa girizildi. Bu ulgam döredilen gününden bäri müşderilerimize ykjam enjamlardan Internede girmegiň görlüp-eşidilmedik ýokary tizligini üpjün edip gelýär. Bu ulgam arkaly göz açyp-ýumasy salymda suratlary açyp, poçta göz aýlap, faýllary ýükläp, HD hilindäki onlaýn wideolaryny görüp we saz diňläp bolýandygyny ýene-de ýatladýarys.

Hormatly müşderiler! 2013-nji ýylyň 1-nji dekabryndan biz 4G LTE ulgamyna size örän bähbitli boljak täzelik girizýäris.

1-nji dekabrdan başlap ýokary tizlikli 4G LTE internet ulgamy ulanylanda nyrhlar has arzan bolýar, ýagny 3G internet ulgamyň nyrhy bilen doly deň bolar.

Ýokary tizlikli 4G LTE internet ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyň! Ol siziň öz bähbidiňize bolar!    

Habarlar