Dostluk demir ýoly

03.12.2014

Translations:

Şu gün Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidetleriniň gatnaşyp ak pata bermeginde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilýär. Bu demir ýol 2007-nji ýylda gurlyp başlanypdy.

Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygy möhletinden öň, has takygy, 23-nji awgustynda tamamlanypdy. Uly ähmiýete eýe bolan bu demir ýolunyň uzynlygy 934.5 km. Bu ýolunyň ulanylmaga berilmegi bilen Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üstünden Pars aýlygyna çenli, şol bir wagtyň özünde hem Aziýa döwletleriniň Ýewropa üstaşyr geçýän ýükleriň ýoly takmynan, 700-800 km çenli gysgalar.

Habarlar