Türkmentel-2015

14.09.2015

Translations:

Aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda aragatnaşyk we telekomunikasiýalar ulgamynyň kärhanalaryna ýokary tehnologiýalar we häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlary işjeň ornaşdyrylýar.

Sergi boýunça öyjukli ýol gözkeziji
goşulmany

TMCELL ulgam, hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi bilen, «Huawei», «Nokia», «Siemens», «Eastwind» ýaly daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda bolup, öýjükli aragatnaşygyň barha artýan ygtybarly we elýeterli talaplaryna laýyk getirildi.

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kärhanalarynyň hünärmenleri hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, şeýle-de, hyzmatlar üçin nyrhlaryň elýeterli bolmagy barada yzygiderli aladalar edýärler. Muňa işi girizilýän täze nyrhnamalar, «Türkmentelekom» Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen, bilelikde «Ylham» çeperçilik - seýilgäh toplumynda, «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde, «Ýimpaş» söwda merkezinde Wi-Fi arkaly ulanyjylara internet hyzmatynyň elýeterli edilmegi aýdyň mysaldyr.

Türkmenistanda soňky ýyllarda halkara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip başlandy. Öňümizde bolsa uly bäsleşik, has takygy, Aziada — 2017. TMCELL V Aziýa oýunlary geçirilende içki ulanyş üçin esasy stansiýalar bolan ABS ulgamy «mini» we «maksi» kysymly esasy stansiýalary ulanmagy meýilleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän «Türkmentel-2015» atly IX Halkara sergisi 16-18-nji sentýabrda sergi köşgünde geçirilýär. Bu sergide aragatnaşyk ulgamy boýunça iň döwrebap enjamlar görkeziler.

Habarlar