“Altyn Asyr” täze administarsiýa binasy

18.10.2012

Translations:

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň administratiw binasynyň açylyş dabarasy geçirildi we dabaranyň barşynda kompaniýa tarapyndan öwrenilýän tehnologiki täzelikler görkezildi. Täze binanyň umumy meýdany – 10 müň kwadrat metrine barabardyr. Onda poçta, telegraf, öýjükli, şäherara we halkara aragatnaşyk, internet hyzmatlarynyň töleg gaznalary, hem-de internet-kafe, gije-gündiz sorag-jogap gullugy we müşderilere hyzmat etmek merkezi ýerleşýär.

Новое офисное здание Алтын АсырTäze binada pudagyň hünärmenlerini okatmak, 2G, 3G, 4G, NGN, DWDM, SDH, DATACOM, IPTV – ýaly mobil we fiksirlenen aragatnaşygyň döwrebap standartalrynda işlemäge olaryň nazary we amaly taýýarlygyny, olaryň hünär derjesini ýokarlandyrmak üçin barlamhana bardyr. Häzirki wagtda “Altyn Asyr” kompaniýasy LTE standartly tehnologiýany özleşdirýär.

Kärhananyň hünärmenleriniň belläp geçişi ýaly, LTE ähli ýerde ornaşdyrylmagy ewolýusiýa çelgisi bolup durýar, sebäbi bar bolan infrostrukturanyň mümkinçiliklerini dolulugyna ulanmaga mümkinçilik bolar. Bu 2G, 3G we 4G mobil torlarynyň arasynda serwisleriň çeýe migrasiýasy üçin geljegi bolan tehnologiki çemeleşmedir. 3G torlary ýene-de birnäçe ýyllaryň dowamynda milliardlarça mobil ulanyjylaryna giň zolakly serwisleri bermek boýunça öz wezipelerini öňkisi ýaly netijeli ýerine ýetirer. Tiz wagtda LTE tehnologiýasy kommunal hyzmatlary, ulag, saglygy goraýyş, SMI we ş.m. ýaly pudaklarda interaktiw teleýaýlym we hünär serwisleri ýaly täze goşundylary ulanyjylara ulanmaga mümkinçilik berer.

Döwlet telekommunikasion hyzmatlaryna hemişe ýokarlanýan talaby kanagatlandyrmak üçin çäreleri işjeňlik bilen alyp barýar. Aragatnaşyk infrastrukturasyny modernizasiýalaşdyrmak we giňeltmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem, IT-tehnologiýalara okuw jaýlaryna, şahsy taraplara, döwlet we hususy täjirçilik edaralaryna ýol açmak boýunça uly guramaçylykly işi alnyp barylýar.

TDH maglumatlary boýunça

Habarlar