Baýdak baýramyňyz gutly bolsun!

18.02.2014

Translations:

Her bir döwletiň mukaddeslikleri, milli nyşanlary bolýar. Olar şol döwletiň milli aýratynlygyny alamatlandyrýar. Şolaryň biri-de Döwlet baýdagydyr.

Her ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçilýär. Şu ýyl hem bu şanly baýramçylyk dabaralara beslenýär. “Altyn Asyr” ÝGPJ-i Baýdak baýramy bilen hormatly Prezidentimizi we agzybir halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň barha rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileýäris.  

Goý, biziň Döwlet baýdagymyz hemişe üstünlüklerimize, rowaçlyga ýaran bolup, buýsançly parlasyn!

Habarlar