Bitaraplyk baýramyňyz mübärek bolsun!

11.12.2013

Translations:

Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däpleriniň dowamydyr. Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp seneleriň biridir. Hormatly Prezidentimizi we bütin türkmen halkyny Türkmenistanyň Milli baýramy — Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimize halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Bitaraplyk asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň hasyl bolan arzuw-umytlarydyr, halkymyzyň eşretli durmuşynyň kepilidir.

Oňyn bitaraplyk ýörelgesi halkymyzyň gadymy ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy üçin uly mümkinçilikleri döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ähli umumy ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çuň many-mazmunly halkara başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldaw tapýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyny biragyzdan ykrar edýärler.

Hormatly Prezidentimizi we merdana halkymyzy uly dabaralara beslenip giňden bellenilýän Milli baýram — Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys.

Mähriban Prezidentimize halkymyzyň asuda we bolelin durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!      

Habarlar