Şanly Garaşsyzlyk toýuňyz gutly bolsun!

26.10.2013

Translations:

Pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda arzuw eden Garaşsyzlygynyň XXII ýyllyk şanly toýy bilen hormatly Prezidentimizi we agzybir halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi Türkmenistany we türkmeni dünýä tanadyp, döwletimiziň at-abraýyny älem-jahana doldurdy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde uly ösüşler gazanyldy. Türkmen halky bu gün asuda, parahat ýurtda bolelin durmuşda ýaşaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ösüşlere beslenen gözel diýarymyzda şäherlerimiziň, obalarymyzyň durky gün-günden täzelenýär, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde zawod-fabrikler gurulýar. Ýetilýän belent sepgitler, ýurdumyzyň geljeginiň has röwşen boljagyny alamatlandyrýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň miweleridir.

Hormatly Prezidentimizi we bütin türkmen halkyny beýik Garaşsyzlygymyzyň XXII ýyllyk baýramçylygy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Parasatly döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň barha rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileýäris.  

Habarlar