Halkara zenanlar baýramyňyz gutly bolsun!

07.03.2014

Translations:

Eziz eneler, hormatly gelin-gyzlar! Sizi gül-gunçaly, ylham-joşgunly ýaz paslynyň ilkinji günlerinde gözel Diýarymyzda uly toý-dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenýän ajaýyp bahar baýramy — Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlarda il-ýurt bähbitli beýik özgertmeleriň amala aşyrylýan, ägirt uly ösüşleriň gazanylýan Bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp halkara bahar baýramynyň  bagtyýar durmuşymyzyň görküne görk goşýandygyna, sylag-hormaty, mertebesi belent enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň kalplarynda egsilmez şatlyk-buýsanç döredýändigine tüýs ýürekden guwanýarys.

Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abaraýynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewüligimizi has-da berkidýän hem-de belet sepgitlere ruhlandyrýan mylaýym, güler ýüzli mährem enelerimiziň, asylly gyz-gelinlerimiziň mertebesi hemişe belent bolsun! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, maşgala ojaklaryňyz abadan bolsun, nurana ýüzleriňiz hemişe gülüp dursun!

Baýramyňyz-baýramlara, toýuňyz-toýlara ulaşsyn, mähriban zenanlar!       

Habarlar