Täze ýyl aksiýasy

18.12.2013

Translations:

Hormatly müşderiler! Ýetip gelýän Täze — 2014-nji ýylyňyz gutly bolsun! Biz Size Täze ýylda uly üstünlikleri arzuw edýäris! “Altyn Asyr” ÝGPJ-ti Täze ýyl mynasybetli aksiýa geçirýär. Bu aksiýa laýyklykda   2013-nji ýylyň 25-nji dekabryndan 2014-nji ýylyň 5-nji ýanwaryna çenli (5-nji ýanwar bu aksiýa girmeýär) 10 (on) manat we 10 (on) manatdan ýokary nagt pul tölegini geçiren müşderilere ulgam içi boýunça 30 minut çykyş jaňlaryny we (+993) kodlary bolan belgilere 15 sany çykyş SMS habarlaryny sowgat hökmünde tölegsiz (mugt) berýäris.Bu hyzmat müşderileriň belgisine awtomatlaşdyrylan usulda birikdirilip, diňe fiziki taraplar üçin niýetlenendir.

Hormatly müşderiler! Biz size bu aksiýany görkezilen 11 günüň dowamynda ulanylmalydygyny, bu aksiýanyň diňe bir gezeklikdigini ýatladýarys!

Hormatly müşderiler! Täze ýyla niýetlenen bu mümkinçilikden peýdalanyň!

Habarlar