Nowruz - doganlyk-dostluk baýramy

18.03.2014

Translations:

Biziň gadym ata-babalarymyz Aý-ýyldyzlaryň hereketine seredip, gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyny kesgitläp bilipdirler. Şunlukda olar bahar paslynda bu güni baýram edipdirler.

Nowruz - doganlyk-dostluk baýramyBu baýram esasan ekerançylyk bilen baglanyşykly bolup, şu baýramdan soň, ýere tohum atyp, täze hasylyň düýbüni tutupdyrlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Karary bilen her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi.

Bilşimiz ýaly, şu ýyl Halkara Nowruz baýramy biziň Türkmenistan döwletimizde giňden belläp geçýär. Biz hem pursatdan peýdalanyp ähli türkmen halkyny Milli bahar baýramy bilen gutlaýarys! Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri mydama rowaç bolsun!

Habarlar