SMS bäsleşigiň düzgünleri üýtgedi!

05.03.2017

Translations:

 

SMS bäsleşigiň düzgünleri üýtgedi!

SMS bäsleşigiň 11-nji tapgyryndan, ýagny 06.03.2017 seneden başlap her tapgyryň dowamlylygy 6 güne geçirildi.

Her tapgyr boýunça iň köp bal gazanan müşderi (1-nji ýer), iPhone 7 sowgadyna mynasyp bolar.

Goşmaça höweslendiriji sowgatlar hem tapgyryň dowamynda beriler. Şol tapgyryň höweslendiriji sowgatlary hakynda has giňişleýin 1717 belgä BAYRAK sözüni ýazyp SMS arkaly anyklap bilersiňiz.

Tapgyryň dowamynda baýraklara (1-nji ýer baýragy, höweslendiriji baýraklary we blits baýraga) eýe bolan müşderiler jemleýji baýraklardan başga, beýleki tapgyrlarda ýeňiji bolsada (1-nji ýer, höweslendiriji we blits), baýraklar ikilenç berilmeýär.

Blits ýaryşlary tapgyryň dowamynda bir näçe gezek geçirilip biler. Bu ýaryşda gysga wagtyň içinde iň köp soraglara dogry jogap beren müşderä höweslendiriji sowgat beriler. Ýaryş başlamazdan öň SMS arkaly habar beriler. Bu habarda blits ýaryşyň başlaýan we gutarýan wagty hem-de sowgat hakynda maglumat iberiler.

Bäsleşigiň umumy netijesi boýunça jemleýji baýraklar üýtgänok. Bäsleşigiň umumy netijeleri 09.04.2017 senesinde jemlenýär.

 

Tapgyr Senesi Baýragy
11 06/03/2017 - 11/03/2017 Iphone 7
12 13/03/2017 - 18/03/2017 Iphone 7
13 20/03/2017 - 25/03/2017 Iphone 7
14 27/03/2017 - 01/04/2017 Iphone 7
15 03/04/2017 - 08/04/2017 Iphone 7

 

Habarlar