SMS - BÄSLEŞIGI

15.01.2017

Translations:


 
 

“Altyn Asyr” ÝGPJ-niň 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 16-dan başlap, aprel aýynyň 09-na çenli geçirilýän SMS bäsleşik barada

DÜZGÜNNAMA

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNLERI

“Altyn Asyr” ÝGPJ-niň (mundan beýläk - Operator) tutýan ähli ygtyýarnama zolagynda 1717 gysga belgä we *1717# USSD-belgä arkaly 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 16-dan , aprel aýynyň 09-na çenli SMS Bäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşigi geçirýän guramalar - “Ykjam aragatnaşyk” Hojalyk jemgiýetiniňýardam bermeginde “Altyn Asyr” ÝGPJ(mundan beýläk -Prowaýder).

BÄSLEŞIGE GATNAŞYJYLAR

“Altyn Asyr” ÝGPJ-ti bilen baglaşylan aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky şertnama esasynda Müşderi bolup durýan hem-de Operator öňünde hiç-bir bergisi bolmadyk müşderi Bäsleşigiň gatnaşyjysy bolup biler.
Bäsleşige “Altyn Asyr” ÝGPJ-ti bilen baglaşylan aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky şertnama esasynda Müşderi bolup durýan ýuridik şahslar Bäsleşigiň gatnaşyjysy bolup bilmeýärler.

BÄSLEŞIGE GATNAŞMAGYŇ DÜZGÜNLERI WE BAÝRAKLAR

Bäsleşige gatnaşmak üçin Müşderi «S» ýa-da «START» ýazgyly SMS-habary 1717 gysga belgä 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 16-dan (00:00 - ýerli wagtda) ibermeli.

Bäsleşigiň geçirilen bütin wagtynyň jemleri boýunça gatnaşyjylar şu aşakdaky baýraklary alýar:

- 1-nji ýer alan Müşderi: Apple iMac kompýuteri.

- 2-nji ýer alan Müşderi: MacBook noutbugy.

- 3-nji ýer alan Müşderi: Apple iPad planşet kompýuteri.

Her tapgyryň jemleri boýunça ballaryň iň köp sanyny gazanan Bäsleşige gatnaşyjy her tapgyr boýunça degişli baýragy alýar. 

Tapgyr

DÖWÜRLER

BAÝRAKLAR

1-nji ýer

2-nji ýer

3-nji ýer

1

16/01/2017 – 22/01/2017

iphone 7

Samsung Galaxy S7 edge

Samsung TV

2

23/01/2017 – 29/01/2017

iphone 7

Samsung Galaxy S7 edge

Samsung TV

3

30/01/2017 – 05/02/2017

iphone 7

Samsung Galaxy S7 edge

Samsung TV

4

06/02/2017 – 12/02/2017

iphone 7

Samsung Galaxy S7 edge

Samsung TV

 

Tapgyr Senesi Baýragy
5 13/02/2017 - 15/02/2017 Iphone 7
6 16/02/2017 - 18/02/2017 Iphone 7
7 20/02/2017 - 22/02/2017 Iphone 7
8 23/02/2017 - 25/02/2017 Iphone 7
9 27/02/2017 - 01/03/2017 Iphone 7
10 02/03/2017 - 04/03/2017 Iphone 7
11 06/03/2017 - 11/03/2017 Iphone 7
12 13/03/2017 - 18/03/2017 Iphone 7
13 20/03/2017 - 07/04/2017 Iphone 7
14 09/04/2017 - 16/04/2017 Iphone 7

 

BÄSLEŞIGIŇ BEÝANY WE SMS HABARLARYŇ BAHASY

Bäsleşige gatnaşmak üçin, Müşderi «S» ýa-da «START» ýazgyly SMS-habary 1717 gysga belgä ugratmalydyr. Müşderi jogap hökmünde SMS-habaryny alýar. Bu habarda bäsleşige degişli buýruklar ugradylýar.

Bäsleşigiň dili - türkmen dilidir. 1717 gysga belgä degişli buýruk iberip, Bäsleşigiň alnyp barylýan dilini üýtgedip bolýar:

•    Türkmen dili üçin - «TM»
•    Rus dili üçin - «RU»

Müşderä 5 sany soragdan ybarat bolan sorag bukjasy birikdirilýär, soňra soraglara dogry jogaby saýlamaly we saýlanyp alnan jogaba gabat gelýän belgini 1717 gysga belgä ibermeli («1» ýa-da «2»). (Matematiki sorag bolsa dogry çykan jogaby san bilen ýazmaly). Her bir dogry jogap üçin Müşderi 10 bal alýar. Müşderi 1 sorag bukjasynyň 5 sany soraga jogap berip 50 bal gazanyp bilýar. Nädogry jogap üçin bal hasaplamaýar.

1 sorag bukjasynyň bahasy 1,50 manat.

 

BUÝRUK

BEÝANY

BAHASY

(manat)

STARTýa-da

S

SMS bäsleşigi başlamak ýa-da dowan etmek

(sorag bukjasyny almak)

1,50

(5 sany sms sorag üçin)

1

Jogabyň 1-nji görnüşini saýlamak

tölegsiz

2

Jogabyň 2-nji görnüşini saýlamak

tölegsiz

R

Söňky soragy täzeden gaýtalamak

tölegsiz

TM

SMS Bäsleşigiňdilinitürkmendilinegeçirmek

tölegsiz

RU

SMS Bäsleşigiňdilinirusdilinegeçirmek

tölegsiz

LIDER ýa-da

ONDE

Bütin SMSbäsleşigiň ýeňijisibaradamaglumatlar

1,50

NETIJE ýa-da

RESULT

Bütin bäsleşigiň jemleri we şu hepdäniň netijeleri boýunça öz jemlenen ballarygörmek

1,50

BAYRAK ýa-da

PRIZ

Bäsleşik boýunça ýenijilere gowşurylýan baýraklar barada maglumat almak

tölegsiz

?

SMS Bäsleşik barada kömek

tölegsiz

Gelýän SMS-habarlar tölegsiz.

Soraglara berlen dogry jogaplar üçin alnan ballardan her-bir Gatnaşyjynyň umumy reýtingi düzülýär. Degişli tapgyryň dowamynda soraglara berlen dogry jogaplar üçin alnan ballardan her-bir Gatnaşyjynyň tapgyrlyk reýtingi düzülýär.

Goşmaça höweslendiriji sowgatlar hem tapgyryň dowamynda beriler. Şol tapgyryň höweslendiriji sowgatlary hakynda has giňişleýin 1717 belgä BAYRAK sözüni ýazyp SMS arkaly anyklap bilersiňiz.

Tapgyryň dowamynda baýraklara (1-nji ýer baýragy, höweslendiriji baýraklary we blits baýraga) eýe bolan müşderiler jemleýji baýraklardan başga, beýleki tapgyrlarda ýeňiji bolsada (1-nji ýer, höweslendiriji we blits), baýraklar ikilenç berilmeýär.

Blits ýaryşlary tapgyryň dowamynda bir näçe gezek geçirilip biler. Bu ýaryşda gysga wagtyň içinde iň köp soraglara dogry jogap beren müşderä höweslendiriji sowgat beriler. Ýaryş başlamazdan öň SMS arkaly habar beriler. Bu habarda blits ýaryşyň başlaýan we gutarýan wagty hem-de sowgat hakynda maglumat iberiler.

BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI

Bütin Bäsleşigiň jemleri boýunça başgalara garanyňda has köp soraglara dogry jogap beren gatnaşyjylar bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijileri diýip hasaplanýar. Jogaplaryň sany deň bolan ýagdaýynda, jogap bermek üçin iň az wagtyny sarp eden müşderi ýeňiji bolup hasaplanýar. Bäsleşigiň şol bir gatnaşyjysy bir tapgyrdan uzak wagtlap ýeňiji bolup bilmeýär. Bir tapgyryň dowamynda ýeňiji bolan, indiki tapgyr boýunça ýeňiji bolup bilmez, ol müşderi bäsleşigiň jemleýji baýraklary üçin bäsleşip biler. Bir tapgyryň dowamynda Bäsleşigiň ýeňijileri bolan adam, gaýtadan tapgyryň netijesi boýunça ballaryň iň köp sanyny gazanan bolsada, onda onuň ballary bäsleşigiň umumy netijelerine goşulýar, tapgyryň ýeňijisi bolsa liderleriň sanawynda indiki bolup duran Müşderi bolýar.

Bäsleşigiň tamamlanan pursatyndan soň, 7 senenama günüň dowamynda bütin Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijileri kesgitleýär.

Ýeniji kesgitlenenden soň 3 günüň dowamynda, töleg geçirmändigi, hyzmat ediş zolagyndan daşdadygy we ş.m. sebäpler üçin Gatnaşyjynyň telefonynyň öçürilendigi zerarly Müşderibilen habarlaşmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, Bäsleşigiň netijelerine gaýtadan seredip, sanawda ballaryň jemi boýunça indiki duran lideri kesgitläp biler.

Gatnaşyjylar şu Düzgünnamanyň düzgünlerini bozan ýagdaýynda, Bäsleşigi geçirýän Guramalar netijelere gaýtadan seretmek hukugyny özünde galdyrýarlar we netijelere baglylykda, ýeňijini baýrak almakdan mahrum edip, sanawda ballaryň jemi boýunça indiki duran lidere baýragy bermek hakynda karar kabul edýärler.

BAÝRAGY GOWŞURMAGYŇ ŞERTLERI

Ýeňiji bolandygy barada habarnamany alan pursatyndan başlap 3 günüň dowamynda Gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň ýazgysy barada maglumatlar görkezilen pasportyny bermekligi baýragy almagyň esasy şerti bolup durýar. Gatnaşyjy bu maglumatlary getirip bermedik ýagdaýynda, baýrak Gatnaşyja berilmeýär. Bäsleşigiň netijelerine gaýtadan garalýar. Sanaw boýunça indiki ýeňijiniň ýazgy baradaky maglumatlar görkezilen pasportyny getirip berilmedik ýagdaýynda, bäsleşigiň netijelerine gaýtadan garalmaýar we baýrak gowşurylmaýar. Ýeňiji baýragy almak üçin, baýragyň gowşurylýan ýerine gelmek we yzyna gaýtmak bilen bagly ähli çykdajylary öz hasabyna amala aşyrýar.

Baýraklar Bäsleşik tamamlanan pursatyndan başlap 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda Operatoryň wekilleri tarapyndan Aşgabat şäherinde gowşurylýar.
Prowaýder şu aşakdaky ýagdaýlarda Gatnaşyja baýragy bermekden ýüz öwrüp biler:
-   Gatnaşyjylar tarapyndan şu Düzgünnamanyň kadalary bozulan ýagdaýynda;
-   Degişli şahsyýetiň tassyklanan resminamalar berilmedik ýagdaýynda;
-   Bäsleşik tamamlanandan soň 30 senenama gününiň dowamynda baýragy almak üçin gerek bolan resminamalary bermekden ýüz öwrülendigini subut edýän, Gatnaşyjynyň hereketleri/hereket etmezligi;
-   Bäsleşik tamamlanan pursatyndan başlap, 30 senenama gününiň dowamynda Gatnaşyjynyň baýragy almakdan ýüz öwürýändigi baradaky ýazmaça görnüşde iberen habarnamasy;
-   Müşderibaýragy alandygy baradaky resminama gol çekmekden ýüz öwren ýagdaýynda;
-   Operatoryna bergisi bar bolan ýagdaýynda, bergisini doly töleýänçä.

BEÝLEKI MAGLUMATLAR

Bäsleşige gatnaşmak bilen, oňa Gatnaşyjylar, özlerinden goşmaça alnan razylygy bolmazdan we goşmaça haýsydyr-bir goşmaça pul haky tölenmezden olaryň atlarynyň we suratlarynyň mahabat maksatlary üçin ulanylyp biljekdigi bilen ylalaşýarlar.

Bäsleşige gatnaşmaklyk, Gatnaşyjylaryň şu Düzgünnama bilen ylalaşýandyklaryny aňladýar.

Bäsleşigi geçirmeklige degişli böleginde, gatnaşmak we baýraklary gowşurmak baradaky Düzgünlere üýtgetmelergirizip biler, bu üýtgetmeleri barada Operator öz wagtynda Gatnaşyjylara habar berer.

Bäsleşige şu aşakdaky görkezilen adamlar gatnaşyp bilmeýär:
-  gulluk telefonlary bolan we/ýa-da bäsleşigi guramaga gatnaşýan “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň işgärleri.

Habarlar