Kärhanamyz Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi

01.10.2013

Translations:

2013-nji ýylyn 1-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesini ýerine ýetirmek maksady bilen, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

Bu waka kärhananyň taryhynda şöhratly eýýama öwrüldi. Ol netijeleri jemlemäge we geljekki meýilnamalary düzmäge esas berdi. 
“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň kärhanasy hökmünde döredildi.

Kärhana özüniň işlän ähli döwründe Türkmenistanda telekommunikasiýalar tehnologiýasyny ösdürmegiň ýiti hem çylşyrymly meselelerini çözmeli boldy. TMСELL kompaniýasy, Türkmenistanda ilkinji bolup, 3G WСDMA-nyň üçünji nesliniň ulgamyny we 4G LTE-niň dördünji nesliniň ulgamyny işe girizdi.

Biz türkmen halkynyň gazananlaryna goşandymyzy goşup durýandygymyza guwanýarys.Biz işe bary-ýogy birnäçe mün abonent bilen başlapdyk. Az wagtda aragatnaşygyň TMСELL ulgamyny peýdalanýan abonentleriň sanynyň artmagy gazanyldy, häzirki günde olaryň sany 3,5 million adamdan hem geçýär.

TMСELL biziň watandaşlarymyza diňe bir Türkmenistanyň sebitleri bilen däl-de, eýsem, daşary ýurtlar bilen hem aragatnaşygy saklamaga uly mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Orta Aziýanyň, Ýewropanyň, Russiýanyň öýjükli aragatnaşyk boýunça iri operatorlary bilen amatly şertnamalar baglaşyldy. Biziň yurdumyza uzak wagtlap gelýän köpsanly daşary ýurt raýatlary TMСELL aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanmagy has amatly hasaplaýarlar.

TMСELL ulgamy, Huawei, Nokia, Siemens, Eastwind ýaly daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda bolup, häzirki zaman talaplarynyň we öýjükli aragatnaşygyň barha artýan ygtybarly we elýeterli talaplaryna laýyk getirildi.

Aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegi has doly kanagatlandyrmaga çalşyp, biz hyzmat etmegiň mümkinçiliklerini, täze belgini ornaşdyrmagyň hasabyna, 4 milliona çenli giňeltmegi meýilleşdirýäris.

Biz, ozalkymyz ýaly, esasy ünsi özümiziň korporatiw müşderilerimize bereris. Ýakynda işlenip taýýarlanan tarif meýilnamalarymyz özümiziň kärhanamyza gerek bolan TMСELL aragatnaşygyny saýlap almaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris.

TMСELL üçin ösüşin ileri tutulýan ugurlary bolup jebis aragatnaşygyň kömegi bilen internede girmegiň elýeterli bolmagydyr. 
Biziň esasy maksadymyz bolsa, halkymyza ýokary hilli hyzmat etmekdir.

Habarlar