“Altyn Asyr” kompaniýasy ÝPJ-ne öwrüler

30.01.2013

Translations:

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginde “Altyn Asyr” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň Geňeşiniň ilkinji ýygnagy geçirildi, oňa Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Ýokary gözegçilik gullugynyň, Merkezi bankyň, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibinde “Türkmentelekom” Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we “Altyn Asyr ” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi hakynda mesele goýuldy. Ýygnagyň barşynda şeýle-de, esaslandyryjy şertnama gol çekmek, täze kärhananyň tertipnamasyny we esaslyk maýasyny tassyklamak, hem-de baş direktory, direktorlar geňeşini we derňew toparyny saýlamak bilen bagly meseleleriň birnäçesine seredildi.

Mälim bolşy ýaly, 2012 ýylyň noýabr aýynda Döwlet baştutany tarapyndan şu mesele boýunça Karara gol çekildi. Bular ýaly kararyň kabul edilmegi, “Türkmenistanyň durmuş – ykdysady taýdan ösüşiniň 2011-2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmäge we milli ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmäge, hem-de öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmäge we döwrebap talaplara laýyklykda onuň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň bilelikdäki resminamasyna laýyklykda, ýokarda görkezilen ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjy resminamalaryny taýýarlamak we bellenilen tertipde onuň hasaba alnyşyny üpjün etmek buýruldy.

Mundan başga-da, ýygnagyň barşynda ýurduň aragatnaşyk pudagyny mundan beýläk-de kämilleşmegini üpjün etmäge ymtylýan, ýolbaşçylaryň we degişli edaralaryň işgärleriniň hünär derjesini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, ýokary derjeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek mundan beýläkde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan kämilleşdirmegiň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Milletiň Lideri aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagynyň kärhanalynyň düýpli modernizasiýasyna uly üns berýär. Bu pudaga ulgamlaýyn, işjeň ýagdaýda ýokary tehnologiýalar we täze oýlap tapmalar ornaşdyrylýar. Geçen ýylda kabul edilen ýörite “2012-2016 ýylda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamasy” hem bu ugurda wajyp ädim bolup durýar, oňa laýyklykda häzirki wagtda öýjükli aragatnaşyk we internede girmek hyzmatlarynyň sanawyny ulalatmak, hem-de olaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar.

Şu günki günde biziň ýurdumyzda ilatyň döwrebap kommunikasiýa ulgamlaryna bolan zerurlygyny kanagatlandyrmak üçin ähli çäreler alnyp barylýar: telefon stansiýalarynyň enjamlary modernizasiýalaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optosüýmli liniýalar geçirilýär, aragatnaşygyň sputnik ulgamlary hereket edýär, milli öýjükli aragatnaşyk tory giňelýär. Guramalaryň, kärhanalaryň, okuw binalarynyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjünçilik derejesi ýokarlanýar. Internet ulanyjylarynyň sany günsaýyn artaýar.

TDH maglumatlary boýunça

Habarlar