Hukuk maglumaty

Translations:

Saýtdan maglumaty nusgalamak

Şu saýtyň ähli maglumatlary awtorlyk hukugy bilen goralan.

“Altyn Asyr” Kompaniýasy bu saýtdan maglumaty diňe täjirçilik däl maksatlary üçin nusgalamaga Size hukuk berýär.

TMCELL bilen ylalaşmazdan materialyň asyl nusgasynyň göwrüminiň 50%-den köp bolmadyk möçberini sitata getirmeklige rugsat edilýär, materialyň alnan sahypasyna göni gipersalgylanma hökmanydyr. Gipersalgylanma sitata getirilýän blogyň öňünden we soňundan TMCELL materialynyň  asyl nusgasyny gaýtalaýan tekstde gös-göni ýerleşdirilmelidir.

Beýleki ýagdaýlarda saýtdan maglumatlar TMCELL-den öňünden ýazmaça razylygy almazdan hiç-hili görnüşde  gaýtalanmaly däldir.

Saýtyň materiallary nusgalananda ýa-da sitata getirilende üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem saýtyň materiallaryny täjirçilik maksatlarynda ulanmak gadagandyr.

Üçünji taraplaryň saýtlaryna salgylanmalar

Şu saýtyň maglumatlary üçünji taraplara degişli bolan Internet-serişdelerine salgylanmalary özünde saklap biler. Bu salgylanmalar diňe saýty ulanyjylar üçin getirilýär, olar boýunça girmekligi saýty ulanyjylar öz islegi boýunça amala aşyrýarlar. "Altyn-Asyr" kompaniýasy üçünji taraplaryň saýtlarynyň mazmuny, ol ýerde berlen maglumatlaryň, habarlaryň, maslahatlaryň takyklygy üçin jogapkärçilik çekmeýär.

TMCELL kompaniýasy bu ýerde ýerleşdirilen salgylanmalaryň üsti bilen girizlýän saýtlaryň eýeleriniň dünýägaraýyşlaryny we ynançlaryny goldaman biler.