Roumingde aragatnaşyk

роуминг

Translations:

Dünýä boýunça syýahat

Başga ýurtda öýjükli aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalanmak üçin näme etmeli?

Gezelenje gitmezden ozal, öňi bilen, özüňiziň TMCELL aragatnaşyk hyzmatlaryny sazlaň:

  • "Rouming" hyzmatyny birikdiriň.
  • Şahsy (lisewoý) hasap balansyny dolduryň, sebäbi roumingiň işlemegi üçin balans kesgitlenen summadan az bolmaly däl. Barylan ýurduň aragatnaşyk operatory bilen özara hyzmatdaşlygyň aýratynlygy sebäpli, hasapdan serişdeleriň aýrylmagynyň amala aşyrylmagy säginmek bilen ýerine ýetirilip bilner. Balans barada roumingde hem elýeterlidir.

Baran ýurduňyzda TMCELL telefonyňyzy açyň. Eger-de häýsydyr bir sebäplere görä, telefonyň ýerli aragatnaşyk operatorynyň ulgamynda hasaba alynmagy awtomatiki ýagdaýda bolup geçmese, onda ony özbaşdak ýerine ýetiriň. TMCELL müşderilerine rouming hyzmatyny berýänleriň arasyndan ýerli aragatnaşyk operatoryny saýlaň.

Özüňiziň telefonyňyza jaňlary we SMS-leri adatça edişiňiz ýaly kabul ediň. Türkmenistana ýa-da beýleki ýurtlara jaň ediň, SMS ugradyň.

Ýurdumyzyň myhmanlary üçin mobil aragatnaşygy

TMCELL aragatnaşygyndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň raýaty bolmak hökman däldir

Rouming üçin artykmaç tölemezden, Türkmenistanyň bahalary boýunça öýjükli aragatnaşykdan peýdalanmak üçin, Siz TMCELL SIM-kartyny edinip bilersiňiz. Munuň üçin golaýdaky TMCELL müşderilerine hyzmat ediş ofisine baryň, öz ýurduňyzda berlen pasporty almaklygy ýadyňyzdan çykarmaň

Habarlaşmak-merkeziniň 088 telefon belgisini ýatda saklamak peýdalydyr.