Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň Çürçüri, Gujurly we Gyzylsakgal obalarynda gurnalan öýjükli aragatnaşyk enjamlary barada
MAGLUMAT
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlislerinde Aragatnaşyk pudagynyň öňünde goýýan ähli aragatnaşyk hyzmatlaryny elýeterli etmek baradaky tabşyryklarynda ugur alyp, türkmen aragatnaşykçylary ähli aragatnaşyk hyzmatlaryny ýokary derejede we talaba laýyk üpjün etmek boýunça uly taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Olaryň birisi hem, etrap merkezlerinde daş aralykda ýerleşýän obalarda ýaşaýan ýaşaýjylara ýokary hilli we elýeterli aragatnaşyk hyzmatlaryny bilen üpjün etmek babatda täze taslamalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda 2020-nji ýylda dabaraly belleniljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli milli we halkara derejesindäki çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, döwletimiziň parahatçylyk söýjülikli daşary syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen aragatnaşyk pudagynda hem öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň örtüş zolagyny giňeltmek maksady bilen, şäher merkezinden 150 kilometir uzaklygynda ýerleşen Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň Çürçüri, Gujurly we Gyzylsakgal obalarynda gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwrüji enjamlarynyň kömegi bilen oba ýaşaýjylaryna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öýjükli aragatnaşygyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi.
Uzak aralyklary ýakynlaşdyrýan öýjükli aragatnaşyk beketleri ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan oba adamlarynyň alyp barýan işlerinde uly ýeňillikler döredýär hem-de şäherde ýaşaýan ilatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri etrap merkezlerinden daşda ýerleşýän oba ilatlaryň şertlerini deňleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirilýär, bu bolsa Arkadag Prezidentimiziň önde goýýan uly ähmiýetli wezipeleriniň biri bolup durýar.
Seýle döredilýän şertler üçin aragatnaşykçylar Gahryman Prezidentimize bimöçber sag bolsun aýdýarlar. Hormatly Prezidentimize berk jan-saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw edýärler.